Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 28-nji awgustda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak, desgalaryň netijeli we ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda elektrik stansiýalarynda, ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji ulgamlarda we beketlerde degişli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýerine ýetirilýän işler energetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly we bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir. Mejlisiň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur işleri amala aşyrmak, şeýle hem kabul edilen resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek tabşyryldy.