Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutany ýaş bagşy-sazandalara döredijilik üstünliklerini, berk jan saglyk we milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde täze sepgitleri arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Gutlagda häzirki döwürde medeniýeti we milli mirasy ösdürmäge, bagşyçylyk sungatyny wagyz etmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigi bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, medeni diplomatiýa halklaryň arasynda dostlugy, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, olaryň milli aýdym-saz sungatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga we täze döredijilik eserleriniň döremegine ýardam berýändigini belledi.
Gutlagda dutaryň türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, halypa bagşy-sazandalaryň döreden mirasynyň häzirki nesil üçin nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Ýaş bagşy-sazandalara bu baý mirasy dowam etdirip, döwrebap aýdym-saz eserlerini döretmek ynamy bildirildi.
Döwlet Baştutany bäsleşige gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.