Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine 2024-nji ýylyň 3 – 5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edildi.
Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.