13-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Koreýa Respublikasynyň Katardaky täze bellenen ilçisi Hon Jipio bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda türkmen ilçisi ýurdumyzda şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini maslahatlaşdylar.