Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we halkara gatnaşyklary pugtalandyrdy18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň bir ugry döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Koreýa Respublikasyny we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyny görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Koreýa döwlet saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda amala aşyran işleriniň netijesinde hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň sapary syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan çärelere baý boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirildi. Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet Baştutanymyzyň syýasy ylmy tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.

Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak, koreý tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy ösüşe goşan goşandy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ugur boýunça Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy we onuň barşynda 2007-nji ýylda döredilen bu mehanizmiň işini ulgamlaýyn esasda ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Sammitiň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammiti geçirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda agzalan formatda senagat, emeli-aň, ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler derejesindäki duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň türkmen-koreý gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Koreýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem