Aşgabatda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan ugurlary tanyşdyryldy

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlaryna hem-de ýurduň sebitleýin we halkara guramalar bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Çärä diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça esasy çemeleşmeleri, şeýle hem ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerindäki işiniň esasy ugurlary beýan edildi. Hususan-da, parahatçylyk, howpsuzlyk we hemişelik Bitaraplyk, durnukly ösüş we ulag, energetika, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, halkara hukugy hem-de BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine üns çekildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ilerletmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ynamy pugtalandyrmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge we BMG-niň howandarlygynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat berildi.

Brifingiň aýratyn bölümi halkara ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady düzümleri we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy barada DIM-iň wekilleri çärä gatnaşyjylara maglumat berdiler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak işini ilerletmek bilen bagly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamynda bolsa Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag boýunça onýyllygy baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek we Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.

Şeýle hem energetika, howanyň durnuklylygy we daşky gurşawy goramak meselelerine garaldy. Bellenilen ugurlaryň hatarynda durnukly energetika arabaglanyşygyny ösdürmek, suw serişdeleri we howa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Hazar ekologik başlangyjyny durmuşa geçirmek we Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek aýratyn nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlary goldamak, zenanlaryň ornuny giňeltmek, şeýle hem medeniýetara we siwilizasiýalara dialogy ösdürmek hem-de taryhy-medeni mirasy gorap saklamak meseleleri bellenildi.

Halkara hukugy we Türkmenistanyň BMG-niň ulgamynyň edaralarynyň işine gatnaşmagy meselelerine hem uly üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilendigi, şeýle hem Türkmenistanyň BMG ulgamynyň saýlawly edaralaryndaky gatnaşmagy bellenildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilen brifingiň dowamynda gozgalan möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem