Türkmenistanyň ilçisi Oman Soltanlygynda hasaba alnan nebithimiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtda Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow şu ýylyň 13-nji awgustynda Oman Soltanlygynda hasaba alnan «DUX Middle East (FZC) LLC» kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Rasul Gulýaýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman ilçini kompaniýanyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleri bilen gyzyklandy.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyň we serginiň geçiriljekdigini habar berdi hem-de Rasul Guliaýewi bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem