Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy daşary ýurtly talyplary ýurdumyz bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda Aziýa ýurtlaryna, esasan-da, Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän 30 talypdan ybarat topar bilen tanyşdyryş duşuşygy geçirildi. Ýaşlar bilim maksatnamasynyň gatnaşyjylarydyr. Olar bu maksatnamanyň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň işi, Ýewropa diplomatiýasynyň esaslary hem-de diplomatik wekilhanalaryň işi bilen tanyşmak üçin Brýussele geldiler.

Ilçihananyň binasynda talyplary Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow kabul etdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň ýanynda hem Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýän wekilhananyň esasy iş ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň taryhy, häzirki döwürdäki ösüşi we medeni mirasy barada gürrüň berdi. Türkmen daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýaly esasy ýörelgeleri aýratyn beýan edildi.

Ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryna, parahatçylygy, ynamy we durnukly ösüşi berkitmek boýunça ädimlere, şeýle hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga gatnaşmagyna aýratyn üns berdi. Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözýändigi we gyzyklanma bildirýän ähli döwletler hem-de guramalar bilen oňyn gatnaşyklary ösdürýändigi bellenildi.

Talyplara 2026-njy ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýylyň şygary barada maglumat berildi. Ilçi ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde milli buýsanç, şeýle hem gözelligiň, wepadarlygyň, çalasynlygyň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmündäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Myhmanlar 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara atçylyk hem-de medeni çärelere görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. Bu çäreler ahalteke atçylygyny, milli däp-dessurlary we Türkmenistanyň häzirki zaman medeniýetini görkezmek üçin meýdança bolar.

Söhbetdeşligiň aýratyn bölegi halkyň abadançylygy, durmuş taýdan goraglylygy hem-de ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatda Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatyna bagyşlandy. Talyplara jemgyýetçilik-syýasy edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada gürrüň berildi. Onuň mejlislerinde döwletiň ösüş meselelerine garalýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň sentýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bellenilişi ýaly, ol döwlet bilen halkyň jebisligi, durmuş adalatlylygy hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy äşgär edip, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ähmiýetli waka öwrüler.

Prezentasiýadan soň ilçi duşuşygyň mowzuklary boýunça Türkmenistanyň taryhy, daşary syýasaty, medeniýeti we milli däp-dessurlary baradaky soraglardan ybarat wiktorina geçirdi. Iň ünsli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, baş baýrak bolsa türkmen milli halysy boldy. Duşuşyk erkin söhbetdeşlik görnüşinde dowam etdi: talyplar diplomatlaryň işi, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň ösdürilişi, ýurduň halkara başlangyçlary, medeniýeti we däp-dessurlary barada soraglar berdiler, şeýle hem Brýusselde bolan günlerindäki täsirlerini we hünär meýilnamalaryny paýlaşdylar.

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň asylly däbine öwrüldi: wekilhana bilim maksatnamalarynyň çäginde Ýewropa, Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň işi we diplomatik wekilhanalaryň amaly işi bilen tanyşýan ýaşlary yzygiderli kabul edýär. Bu çäreler ýaş nesliň Türkmenistan barada bilimlerini giňeltmäge, medeniýetara gepleşigi pugtalandyrmaga, ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmäge we halkara gatnaşyklar ulgamynyň geljekki hünärmenleriniň arasynda täze gatnaşyklary emele getirmäge ýardam berýär.

Şeýle hem