Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katara sapary

2024-nji ýylyň 25-28-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň ilkinji gününde Katar Döwletiniň Bilim ministrliginiň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we bilim ulgamy boýunça özara tejribe alyşmak babatynda iki ýurduň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip, bu ugur boýunça ikitaraplaýyn meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Katar Döwletiniň Milli muzeýi hem-de Kataryň Yslam sungaty muzeýi bilen tanyşdyryldy.

Türkmen wekiliýetiniň Katar döwletine iş sapary dowam edýär.

Şeýle hem