Mejlisiň deputatlary Wenada ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýet topary Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Palrament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar.

Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, onuň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň hemişelik komitetiniň hem-de ýene-de syýasy we howpsuzlyk meseleleri, ylym, tehnologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça, adam hukuklary we ynsanperwerlik meseleleri boýunça üç sany umumy komitetiň mejlisleri we bu komitetleriň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Ýaş parlamentariýleriň ulgamynyň işini has-da gowulandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, korrupsiýa garşy göre’mek ýaly meselelere mejlislerde aýratyn üns berildi.

Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem