2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.
Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Eýranyň ulag ulgamyna degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň ÝYK-niň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Marýasin, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto we başgalar çykyş etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar, ulag ulgamynyň ýokary wezipeli wekilleri hem-de hünärmenleri durnukly ösüşiň wajyp bölegi bolan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerlemek ugrundaky Türkmenistanyň tagallalaryna hem-de bu ugurda oňyn halkara şertleriniň döredilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.
Dünýäniň dürli künjeklerinde ulag ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bu pudagyň üznüksiz söwda amallaryna, ykdysady ösüşe, halklaryň durmuş şertlerine bolan gönümel täsiri we ähmiýeti, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek we ulag zynjyrlaryny olara uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada pikir alyşdylar.
Çärede şeýle hem durnukly ulag ugrunda ösüşiň netijeliligini ýokarlandyrylmak, ekologiýa taýdan arassa we durnukly ulag aragatnaşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de halkara ulag ulgamyna häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa we tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça teklipler we mümkinçilikler hödürlenildi.