Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen demirýolçulary ýurdumyzyň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Fransiýaly hünärmenler Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bilidirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.
Türkmen tarapy öz gezeginde fransiýaly kärdeşlerini Türkmenistan bilen, demirýol ulaglary pudagynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşyp, ýerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň wekiliýetini ýurdumyza gelmäge çagyrdy.
Türkmen demirýolçulary öz gezeklerinde demirýol ulaglary pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bilen baglylykda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama göl çekişmek üçin resminamanyň taslamasyny taýýarlap, bellenen tertipde ylalaşmak üçin diplomatik ýollar arkaly iberilmegi teklip berildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy we işgärleri hem gatnaşdylar.
Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary esasynda işewürlik we işjeň ýagdaýynda geçdi.
Çeşme:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi