Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň edermen gallaçylaryna, kärendeçilerine, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlag hatynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylynyň ýetişdirilip, şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany gazanylan bu belent sepgidiň ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň hem-de alymlaryň agzybir we yhlasly zähmetiniň miwesidigini aýratyn belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtamagyna görä, milli ykdysadyýetiň möhüm sütünleriniň biri bolan oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ony iň girdejili ugurlaryň birine öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, suwy we ýeri tygşytly ulanmak maksady bilen dünýäniň kämil tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, şeýle hem ýerli dökün öndürýän we önümleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Gutlag hatynda ata-babalarymyzyň baý daýhançylyk tejribesiniň häzirki zaman ylmy bilen utgaşdyrylmagynyň netijesinde däneçilik we pagtaçylyk ugurlary boýunça ylmy-barlag institutlarynda kesellere durnukly hem-de bol hasyl berýän täze sortlaryň döredilýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen gymmatly galla hasylynyň yrýa edilmän ýygnanyp alynjakdygyna hem-de geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüniň häzirden mäkäm tutuljakdygyna berk ynam bildirdi we ähli oba zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi.