Türkmenistan we Ýewropa assosiasiýasy Niderlandlarda ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionatyny geçirerler

Ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny belende götermek ugrundaky işler döwrebap derejede dowam etdirilýär. 2026-njy ýylyň 4 — 6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi we atly sport boýunça dünýä çempionaty geçiriler. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçiriljek bu abraýly çäre türkmen bedewleriniň gözelligini we ukyp-başarnyklaryny Ýewropada ýene bir gezek dabaralandyrar. Halkara çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasy bilelikde guraýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň metbugat gullugy habar berdi.

Şu wajyp waka bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde taýýarlyk çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çempionat ýurdumyzda 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçirilýän dabaralaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Çäräniň dowamynda atly sport ýaryşlary, gözellik bäsleşigi, ylmy maslahat hem-de türkmen medeniýetini şöhlelendirýän giň gerimli sergi-ýarmarka guralar.

Çempionatyň çäklerinde guraljak sergi-ýarmarkanyň birinji zolagynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 7 sany ýörite pawilýony ýerleşer. Bu ýerde ahalteke bedewlerini köpeltmek we gorap saklamak boýunça gazanylan üstünlikler, milli dokma, haly, zergärçilik, saz we heýkeltaraşlyk sungatynyň nusgalary görkeziler. Şeýle hem at esbaplarynyň we milli şaý-sepleriň aýratyn ekspozisiýasy myhmanlara hödürlener.

Serginiň ikinji we üçünji zolaklary çempionatyň dabaralary we milli etnografik gymmatlyklar üçin niýetlenendir. Ikinji zolakda dabaralaryň we ýeňijileri sylaglamak çäreleriniň esasy sahnasy ýerleşer. Üçünji zolakda bolsa gadymy däplere laýyklykda ak öýler, sekiler we tamdyrlar gurlup, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeni aýratynlyklary tanyşdyrylar.

Çäräniň dördünji we bäşinji zolaklary myhmanlaryň höwesi hem-de tomaşalar üçin guralar. Dördünji zolakda türkmen milli tagamlarynyň naharhana meýdançasy bolar. Bäşinji zolak bolsa dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlary üçin manež hökmünde peýdalanylar. Bu topar şu ýylyň başynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan goşandy üçün ýörite şahadatnamalara mynasyp bolupdy.

Çempionatyň çäklerinde «Ahalteke bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem geçiriler. Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden abraýly alymlar, seýisler we degişli bilermenler gatnaşyp, bedewleriň genofonduny gorap saklamagyň, seleksiýa-genetika işlerini kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu çäre türkmen atçylyk sungatynyň bütin dünýädäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterer.

Şeýle hem