Türkmen wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 4–8-nji iýuly aralygynda Gaaga şäherinde (Niderlandlar Patyşalygy) geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisiň çäklerinde wekiliýet «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament dialogy – ÝHHG sebitinde we onuň çäklerinden daşarda ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň mehanizmi» atly ugurdaş çärä hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy parlamentara hyzmatdaşlygyň konstruktiw halkara dialogyny, özara düşünişmegi we umumy bähbitli meseleleri ilerletmekde netijeli gural bolup durýandygyny belläp, ýurduň bu ugrundaky garaýyşlaryny beýan etdi.

Şeýle hem saparyň çäklerinde ÝHHG PA-nyň Prezidenti Pere Žoan Pons Sampietro bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Assambleýa bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlarynyň dialogy ösdürmekde, ynamy pugtalandyrmakda we parlament tejribesini alyşmakda möhüm meýdançadygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşýändigini göz öňünde tutup, ÝHHG PA bilen gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn sebit çemeleşmesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem