Ady rowaýata öwrülen «IBM» halkara tehnologiýalar kompaniýasy 100 ýaşyny doldurdy.
1924-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Computing-Tabulous-Recording Co.» kompaniýasynyň ady «International Business Machines Corporation» diýlip üýtgedildi.
«IBM» kompaniýasynyň taryhy hasaplaýyş we IT senagatynyň ösüşiniň şöhlelenmesidir. Onuň taryhy XIX asyra çenli uzaýar. Korporasiýa German Hollerit tarapyndan esaslandyrylan kiçijik tabulýator öndürijisinden dünýädäki iň iri IT gurluşlarynyň birine öwrüldi.
Perfokartlaryň kömegi bilen işleýän elektrik tabulirleýiş ulgamynyň oýlanyp tapylmagy goşmak we aýyrmak amallaryny, hususan-da, ABŞ-nyň ilat ýazuwynyň netijelerini hasaplamak işini çaltlaşdyrdy. Soňky ýyllarda bu oýlap tapyş Awstriýa, Kanada, Italiýa we Fransiýa ýaly birnäçe ýurtda ilat ýazuwyny geçirmek üçin ulanyldy.
Tehnologiýa ägirdi «IBM» şahsy kompýuterleriň gözbaşynda durýar. Kompaniýa çeýe diskleri, disketleri we magnit zolakly bank kartlaryny döretdi.
Şeýle hem «IBM» programma üpjünçiligini işläp düzmek we maslahat beriş hyzmatlaryna ünsi jemleýär.
2002-nji ýylda «IBM» «PricewaterhouseCoopers» halkara auditorlyk kompaniýasynyň maslahat beriş bölümini satyn aldy. Häzirki wagtda bu işewürlik kompaniýanyň girdejisiniň ýarysyndan gowragyny emele getirýär.
Dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda wekilhanalary bolan «IBM» emeli aň; IT çözgütleriniň howpsuzlygy; kremniý we post-kremniý hasaplaýyş arhitekturalary; blokçeýn; kwant hasaplamasy, bulut çözgütleri ýaly ugurlarda ylmy barlaglara we taslamalara goldaw berýär.
Çeşme: https://tca.gov.tm/tk/news-detail/755