Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

«Halklaryň parahatçylyk, abadan durmuş, dost-doganlyk, ynsanperwerlik baradaky arzuw-umytlaryny, watansöýüjilik, gahrymançylyk, merdanalyk ýörelgelerini alamatlandyrýan Ýeňiş baýramy türkmenistanlylaryň durmuşynda hem örän möhüm orny eýeleýär. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülen ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen uruş weteranlarymyzyň, şol pajygaly döwri başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzłyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr.

Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Bu gün olaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynda ebedileşdirildi. Siz ýowuz uruş ýyllarynda gahrymançylyk görkezen ildeşlerimiz baradaky hakydany gorap saklamagyň hem-de ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýärsiňiz», — diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

“1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişde hakyky watançylyk duýgusyny, eziz topraga söýgüsini, deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyny, harby borja wepalylygyny görkezen gerçekleriň hatarynda Siziň garry ataňyz Berdimuhamet Annaýewiň ady hem hormat bilen tutulýar. Şol ýowuz söweşiň ýalynly ýoluny geçen Watanyň edermen oglunyň sarpasy hemişe belentdir. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi, onuň manyly durmuş ýoly häzirki ýaşlarymyz üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent ynsanperwerligiň nusgasydyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem