Türkmenistan BMG-niň forumynda parahatçylyk diplomatiýasy boýunça garaýyşlaryny hödürledi

2-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili «Parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnama we Hereketler maksatnamasy bilen bagly işleriň dowam etdirilmegi» atly Kararnamasyna laýyklykda geçirildi.

Foruma BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝUNESKO-nyň wekilleri, parahatçylygy berkitmek ulgamynda halkara derejesinde tanalýan şahsyýetler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan, şeýle hem milli derejede çykyş etdi.

Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen bitaraplyk syýasatynyň özara ýakyn arabaglanyşygy bellenildi. Bu ýörelgeler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80/294 belgili Kararnamasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 80/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapýar.

Çykyşda zenanlaryň öňüni alyş diplomatiýasyna, parahatçylyk gepleşiklerine we irki duýduryş mehanizmlerine gatnaşmagyny giňeltmäge, şeýle hem zenan araçylar, parahatçylygy berkitmäge goşant goşýan zenanlar we zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalar üçin goldawy güýçlendirmäge aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de bitaraplygyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli gural hökmünde mümkinçiliklerini öňe sürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işleriniň dowamydyr.

Şeýle hem