Niderlandlarda türkmen ahalteke bedewleriniň baý mirasyna bagyşlanan forum geçirildi

Niderlandlaryň Wenraý şäherindäki «Asteria» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda ahalteke bedewlerine we türkmen atçylyk sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäre ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän Dünýä çempionatynyň maksatnamasynyň çäklerinde guralyp, oňa dürli ýurtlardan alymlar, atşynaslar, medeniýet işgärleri, sungaty öwrenijiler we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Forum ahalteke bedewleriniň baý mirasyny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we dünýäde wagyz etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar bedewleriň taryhy, ösüş ýoly, seçgiçilik däpleri hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň we olary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem bedewleriň şekillendiriş we amaly-haşam sungatyndaky orny, weterinariýa we seçgi işleriniň ylmy-genetik esaslary, arassa ganly tohumy gorap saklamagyň häzirki zaman usullary boýunça çykyşlar edildi.

Forumyň esasy wakalarynyň biri ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyşy boldy. Gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland diline terjime edilen neşiri hödürlenildi. Sekiz bapdan ybarat bolan kitap türkmen atçylyk däpleriniň taryhy we ösüşi barada giňişleýin maglumat berýär.

Maslahatda çykyş eden Türkmen–Awstriýa jemgyýetiniň Prezidenti, doktor Neda Berger ahalteke bedewleriniň halklaryň arasynda dostlugy we medeni hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ornuna ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, türkmen ahaltekeleri häzirki zaman medeni diplomatiýasynda parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany bolup çykyş edýär.

Doktor Neda Berger Türkmenistanda bu täsin tohumy gorap saklamak we ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetini aýratyn belläp, «asmana deňelýän» bedewleriň şöhratynyň häzirki wagtda dünýäniň dürli yklymlaryny birleşdirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa forumdaky çykyşynda ahalteke bedewleriniň umumadamzat gymmatlygy hökmünde eýeleýän taryhy ornuna ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramaçylyk goldawy bilen geçirilýän bu halkara maslahat ahalteke bedewleriniň Ýewropada we dünýäde öwrenilmegini hem-de wagyz edilmegini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çykyşlarda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň we olary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti, olaryň müňýyllyklara uzaýan taryhy, deňsiz-taýsyz çydamlylygy hem-de dünýä atçylyk medeniýetine ýetiren täsiri barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň jeminde ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda öz beýanyny tapandygy, Arkadag şäherindäki ÝUNESKO klubunyň işinde möhüm orun eýeleýändigi we olaryň parahatçylygyň, dostlugyň hem-de döredijiligiň dünýä derejesindäki nyşany hökmünde ykrar edilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem