Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we günbatar sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisiň başynda kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Döwlet Baştutanymyz täze kanun taslamalaryny taýýarlamagyň hem-de hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Balkan welaýatynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýyndaky ykdysady görkezijileri oňyn netijeleri görkezdi. Sebitde senagat önümçiliginiň möçberi 6,6 göterim artdy. Aýratyn-da, ýod, mineral dökün, nah ýüplük we azyk önümleriniň öndürilişinde ýokary ösüş depginleri hasaba alyndy. Ýerli býujetiň we bank şahamçalarynyň girdeji meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirildi.
Nebitgaz pudagyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Karar kabul edildi. Şeýle hem sebitde geologiýa-gözleg we nebit çykaryş işlerini döwrebaplaşdyrmak tabşyryldy.
Oba hojalygynda galla oragyna taýýarlyk we gowaça idegi dowam edýär. Balkan welaýatynda azyk bolçulygyny döretmek üçin ýeralma, gök-bakja ekinlerine we ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Prezidentimiz hasyllylygy ýokarlandyrmagyň esasy wezipedigini nygtady.
Gurluşyk ulgamynda Balkan welaýatynda 260-dan gowrak desanyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň arasynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýoly we täze karbamid zawody bar. Söwda ulgamynda bolsa hususy önüm öndürijileri goldamak we bazarlarda haryt bolçulygyny saklamak ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi.
Medeni-ynsanperwer ulgamda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem sebitde täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglyk öýleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak işleri işjeňleşdirildi.
Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, şeýle hem GDA-nyň sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek barada Karara gol çekildi.
Ulag ulgamynda Balkanabat we Türkmenbaşy Halkara howa menzilleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, “Balkan” gämi gurluşyk zawodynda täze taslamalary amala aşyrmak tabşyryldy. Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz welaýat häkimine ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagy we ähli meýilleşdirilen desgalary wagtynda ulanmaga bermegi tabşyrdy.