Hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynyň şu ýylyň ilkinji dört aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow sebitde gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Hasabat döwründe Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6 göterim ýokarlandy. Nebit çykarylyşy, ony gaýtadan işlemek, elektrik energiýasyny we ýody öndürmek ulgamlarynda durnukly ösüş hasaba alyndy. Aýratyn-da, mineral dökünleriň öndürilişiniň 2,1 esse, nah ýüplügiň bolsa 11 göterim artmagy sebitiň senagat kuwwatynyň barha berkeýändigini görkezýär.

Azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda hem oňyn netijeler gazanyldy. Welaýatda unuň öndürilişi 52,5 göterim, gök önümleriň öndürilişi 1,5 esse, ýumurtga önümçiligi bolsa 25,8 göterim artdy. Şeýle hem süýt, et we çörek önümleriniň, süýji-köke önümleriniň hem-de tutulýan balygyň möçberlerinde ösüş depginleri saklandy. Söwda we ulag ulgamlarynda hem ýük we ýolagçy dolanyşygy boýunça ýokary görkezijiler hasaba alyndy.

Maliýe-býujet ulgamynda ýerine ýetirilen işler sebitiň ykdysady durnuklylygyny tassyklady. Ýanwar — aprel aýlarynda ýerli býujetiň girdeji meýilnamasy 101 göterim, bank şahamçalarynyň girdeji meýilnamasy bolsa 136,6 göterim berjaý edildi. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini doly ulanmagyň we ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz göz öňünde tutulan maýa goýum taslamalarynyň bellenen möhletlerde we hilli durmuşa geçirilmelidigini aýdyp, bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem