Türkmenistan we Kamboja gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basýar

Pnompen şäherinde 8-nji maýda Türkmenistanyň hem-de Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda taryhy ähmiýetli ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň gatnaşyklary täze derejä çykarmakda we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde möhüm guraldygy bellenildi. Şeýle hem ýokary derejeli saparlary guramagyň we parlamentara gatnaşyklary, şol sanda dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Halkara giňişliginde, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde iki ýurduň biri-birini goldamagyna ýokary baha berildi. Türkmen tarapy Kambojanyň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna, şol sanda BMG-niň Kararnamalaryna awtordaş hökmünde goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ASEAN ugry boýunça gatnaşyklara we Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek baradaky başlangyjyna Kambojanyň goldawy bellenildi.

Söwda-ykdysady ugurda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, dokma senagaty, oba hojalygy we ulag-logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Taraplar halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak barada pikir alyşdylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, özara Medeniýet günlerini geçirmek we syýahatçylyk pudagynda göni gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi. Şeýle hem bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk bildirildi. Geňeşmeleriň jemleri boýunça diplomatlar iki döwletiň bähbitlerine hyzmat edýän dostlukly gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

 

Şeýle hem