Kabulda Bütindünýä şäherler forumyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy we Arkadagyň tejribesi bilen tanyşdyryldy

Kabul şäherinde şu ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäre Birleşen Milletlet Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Owganystandaky wekilhanasy we Azerbaýjanyň Owganystandaky ilçihanasy tarapyndan geçirildi.

Çärä Owganystanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Arkadag şäheri, onuň durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada gürrün berdi. Arkadag şäheriniň suratlary çäräniň dowamynda gurnalan sergide görkezildi. Gatnaşyjylara Arkadag şäheri barada wideoýazgy hem görkezildi.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen irleşen Milletlet Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar, Türkmenistanyň şäher gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary barada aýdyldy.

 

Şeýle hem