TÜRKMENISTANA «BOENIG-777-300ER» TÄZE ÝOLAGÇY HOWA GÄMISI GETIRILDI

   Çuňňur hormatlanylýan Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

   Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parkyny giňeldip, dürli gömüşli ýokary amatlyklary bolan täze döwrebap ýolagçy howa gämilerini yzygiderli satyn almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasynyň  «Boenig-777-300ER» iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn alyndy.

   «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 we EZ-A782 belgili döwrebap ýolagçy uçarlary 368 ýolagça niýetlenendir. Bu howa gämisinde 40 biznes, 32 premium ekonom we 296 ekonom synpy  we            2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendirijisi ornaşdyrylan, bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390  km ýetip, 40 000 kg çenli  göwrümli ýükleri bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

   2023-nji ýylyň 04-nji dekabrynda «Boeing» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781  belgili täze ýolagçy howa gämisi Aşgabat halkara howa menziline getirildi we 2024-nji 04-nji ýanwarynda EZ-A782 belgili ikinji ýolagçy  howa gämisi ýurdumyza getirildi we Aşgabat-Abu-Dabi ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýerine ýetirdi.

   Hormatly Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

  Bu häzirki zaman  howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.

  Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileri yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan berýän ýardamlary üçin Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe janlarynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almaklaryny arzuw edýäris.

 

Şeýle hem