«Türkmenhowaýollary» agentligi elektron resminama dolanyşyk ulgamyny döretmek boýunça açyk bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi elektron resminama dolanyşyk ulgamyny döretmek we girizmek, onuň üçin gerekli enjamlary satyn almak hem-de tehniki hyzmat bermek boýunça açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada şu gün türkmen metbugatynda bildiriş çap edildi. 

Bildirişde bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýän taraplar ýazmaça arza arkaly ýüz tutmalydyrlar. Arzada olaryň doly ady, iş tejribesi, hukuk ýagdaýlary we bank rekwizitleri, arza berijiniň hasaba alyş we kanuny resminamalary, ynanç haty we pasport göçürmesi, telefon belgileri barada maglumatlary görkezmelidir. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýerli kompaniýalar 175 manat ýa-da daşary ýurt kompaniýalar 50 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) töleg tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Mastik möhür bilen kepillendirilen bäsleşik teklipli bukjalar ýerli wagt bilen 16.00-dan 18.00-a çenli «Türkmenhowaýollary» agentliginiň şu salgyda ýerleşýän binasynda kabul ediler: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 326.

Bäsleşik teklipli bukja teklibiň elektron görnüşini we şertnamanyň esasy şertlerini («Word» görnüşinde), şeýle hem tehniki we ykdysady spesifikasiýany («Excel» formatda) hökman goşmalydyr.

Bäsleşik bilen bagly goşmaça sowallarynyňyza jogap tapmak üçin aşakdaky telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz:

+993 12 44-31-81;

+993 12 44-30-10.

Şeýle hem