«Türkmenawtoulaglary»
agentligi ulag serişdeleri üçin motor we transmissiýa ýaglaryny satyn almak
boýunça tender yglan edýär.
Tendere gatnaşmak
üçin gerekli şertler:
– tendere
gatnaşmak islegiňiz barada ýazmaça ýüz tutma bermeli. Arzaňyzda gatnaşyjynyň
doly ady, onuň hukuk ýagdaýy, hasaba alnan döwleti we bank maglumatlary
görkezilmelidir;
–
gatnaşyjylar önüm öndüriji ýa-da onuň resmi dileri bolmalydyr;
–
taraplaryň ylalaşmagy esasynda ýerli kompaniýalar üçin 700 (ýedi ýüz) manat,
daşary ýurt kompaniýalary üçin 200 ABŞ dollary möçberinde tender tölegleriniň
hasabyny almaly;
– tehniki
tabşyrygy almaly.
Pul
serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça ýüz tutma bereniňizden
soň habar berler.
Tender
teklibi bukjada möhürlenip, aşakdaky salgy boýunça tabşyrylmaly: Aşgabat ş.,
Arçabil şaýoly, 126.
Tender
baradaky bildiriş çap edilen gününden başlap, müşderiniň hasabyna pul
serişdeleri gelip gowşandan soň tender teklipleri kabul edilýär.
Tender
teklipleri resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň
dowamynda, ýerli wagt bilen 30-njy günüň 12:00-dan gijä galman tabşyrylmaly.
Maglumat
üçin telefon belgileri: 39-03-90, 39-03-40.