“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Mary şäherindäki Halkara howa menzili howa menziliniň içerki aragatnaşyk ulgamyny üpjün etmek maksady bilen häzirki zaman göterilýän radiostansiýalary satyn almak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin açyk halkara bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Mary şäherindäki Halkara howa menziliniň şertnama bölüminiň salgysyna (Türkmenistan, Mary şäheri, Gökje köçesi, 1 «A») gatnaşmak isleýändigi barada arza tabşyrmaly. Ýüz tutmada gatnaşyjynyň doly ady, bu ugurdaky tejribesi, hukuk ýagdaýy, bank maglumatlary görkezilmeli hem-de degişli esaslandyryjy resminamalary, ynanç haty, pasportynyň nusgasy we gatnaşyjynyň wekili bilen habarlaşmak üçin maglumatlar goşulmaly.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin goşmaça şertler bellenilmedik ýagdaýynda, daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin 20 (ýigrimi) ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen, bank tölegleri hasaba alynmazdan) bäsleşige gatnaşmak üçin töleg geçirmeli. Tölegi geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berler. Bäsleşik boýunça tekliplere diňe Mary Halkara howa menziliniň hasabyna serişdeler geçirilenden soň serediler.
Tehniki tabşyryk şertnama bölüminiň özünden ýa-da Mary Halkara howa menziliniň ERTOS bölüminiň müdiriniň otagyndan alnyp bilner.
Bellik:
Offşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň ýüz tutmalary we bäsleşik bilen bagly teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşik boýunça teklipleri ýerli wagt bilen 9:00-dan 18:00-a çenli şertnama bölüminde ýa-da ERTOS bölüminiň müdiriniň otagynda kabul ediler.
Bäsleşik boýunça teklipleri şu bildiriş çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmeýär.
Goşmaça maglumat üçin telefonlar: 8-522-6-31-20, 8-522-6-13-31