Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmenhowaýollary» agentligi halkara bäsleşigi yglan edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmenhowaýollary» agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze halkara howa menzil toplumynyň taslamasyna gözegçiligi amala aşyrmak üçin maslahatçy kompaniýasyny saýlamak boýunça  halkara bäsleşigi yglan edýär.

    Bäsleşige gatnaşmak üçin hökmandyr:
1.    Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, jaý 326 salgysy boýunça ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Ýerüsti gulluklara we gurluşyklara gözegçilik bölümine bäsleşige gatnaşmak barada ýüztutmany tabşyrmaly, onda ýüztutmany berijiniň doly ady, bu pudakdaky iş tejribesi, hukuk ýagdaýy we bank rekwezitleri, şeýle-de dalaşgäriň esaslandyryjy resminamalary, dalaşgäriň wekiliniň ynanç haty we pasportyň göçürmesi, habarlaşmak üçin telefon belgileri goşulmaly;  
2.    Bäsleşigiň gatnaşyjysy hökmünde hasaba alnandan soňra, Bäsleşige  gatnaşmak üçin 500 ABŞ-nyň dollary möçberinde (GBÜS hasaba alynan) ýygymy tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura bäsleşik ýüztutmasy tabşyrylandan soň berler. Bäsleşik teklipleri hödürlenen bukjalar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hasabyna agzalan pul serişdeleri geçirilenden soňra seredilmäge degişli bolar.
3.    «Türkmenhowaýollary» agentliginiň 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglarynda Bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny alyp bolýar.

Bäsleşik bukjalar ýerli wagt boýunça sagat 16.00-dan sagat 18.00-e çenli «Türkmenhowaýollary» agentliginiň 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglarynda kabul ediler.
Bäsleşik ýüztutmalaryny tabşyrmagyň iň soňky güni – 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry.

Ýokarda bellenen möhletden gijä galan bäsleşik ýüztutmalary kabul edilmeýär.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin şu aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutmaly: 
44-30-38, 44-30-73, 44-31-91.

Bellik: Ofşor zolaklary bolan ýurtlarda hasaba alnan ýa-da ofşor zolaklarynda bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik ýuztutmalary kabul edilmeýär.
 

Şeýle hem