Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana sapary başlandy

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan türkmen halkynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny goýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly we goňşy ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary munuň aýdyň beýanydyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem