02.08.2021 ý. Aşgabat:
tk ru en

 

«Türkmenhowaýollary» agentligiBalkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze halkara howa menzil toplumynyň taslamasyny düzmek we başyndan soňuna çenli doly gurluşygy boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin 
halkara bäsleşiginiň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan edýär 
 
1.    Türkmen, Rus we Iňlis dilindäki resminamalar bir wagtda tabşyrylýan iki bukjadan ybarat bolmaly, olaryň birinde Tehniki teklip – eskiz albomy (taslamanyň binagärlik we meýilnamalaşdyryş çözgütleri), taslamanyň düşündiriş haty, taslamanyň tehniki we ykdysady görkezijileri we beýleki goşmaça maglumatlar bolmaly. 
2.    Ikinji bukjada Baha teklibi bolmaly, onda tölemegiň şertleri, gurluşygyň möhletleri  we şertleri, şeýle hem beýleki goşmaça maglumatlar görkezilmeli.
3.    Her bir bukja üstünde "ASYL NUSGA", "GÖÇÜRME" ýazgylary bolan iki nusgada berilmelidir. Şeýle-de bukjalaryň ýüzünde taslamanyň doly ady we täjirçilik teklibini hödürlän kompaniýanyň ady görkezilen bolmaly.
4.    Tehniki tabşyrygy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglaryndan almak bolar.
5.    Bäsleşik ýüztutmalar, ýany bilen ugradylýan hat bilen birlikde, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, jaý 326 salgysy boýunça ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Ýerüsti gulluklara we gurluşyklara gözegçilik bölümine, 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglaryna tabşyrylmaly. 
6.    Bäsleşik ýuztutmalaryny tabşyrmagyň iň soňky güni – 2021-nji ýylyň 28-nji iýuly.
7.    Ýokarda bellenen möhletden giç gelen bäsleşik ýüztutmalar kabul edilmez.
8.    Bäsleşige gatnaşmak üçin öň ýüztutmany tabşyran we hasaba alnan gatnaşyjylaryň,  bäsleşige  gatnaşmak üçin 500 ABŞ-niň dollary (GBÜS hasaba alnan) möçberindäki ýygymy tölemekleri zerur. Bäsleşik ýüztutmalar bukjalary diňe «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seredilmäge kabul ediler.

Has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: 
44-31-43, 44-30-38, 44-30-73, 44-31-91.

Bellik: Ofşor zolaklary bolan ýurtlarda hasaba alnan ýa-da ofşor zolaklarynda bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik ýuztutmalar kabul edilmez.