Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Oliwiýe Nduhungireha arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny ynamy pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas hökmünde baha berdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem