20.09.2021 ý. Aşgabat:
tk ru en

«Türkmenhowaýollary» agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze halkara howa menzil toplumynyň taslamasynyň taýýarlanmagy we başyndan soňuna çenli doly gurluşygy boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin şularyň ýerine ýetirilmegi zerur: 

1. Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, jaý 326 salgysy boýunça ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Gurluşyk gözegçiligi we ýerüsti hyzmatlary bölümine bäsleşige gatnaşmak barada ýüztutmany tabşyrmaly, onda ýüztutmany berijiniň doly ady, bu pudakdaky iş tejribesi, hukuk ýagdaýy we bank rekwezitleri, şeýle-de dalaşgäriň esaslandyryjy resminamalary, dalaşgäriň wekiliniň ynanç haty we pasportyň göçürmesi, habarlaşmak üçin telefon belgileri goşulmaly;

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin 500 ABŞ-niň dollary möçberindäki ýygymy tölemeli (GBÜS hasaba alnyp, bank çykdajylaryny hasaba alynmazdan). Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura bäsleşik ýüztutmasy tabşyrylandan soň berler. Bäsleşik teklipli bukjalar diňe «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň kabul ediler;

3. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglaryndan Tehniki tabşyrygy almaly;

Bellik: Ofşor zolaklary bolan ýurtlarda hasaba alnan ýa-da ofşor zolaklarynda bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik ýüztutmalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik bukjalar ýerli wagt boýunça sagat 16.00 -dan sagat 18.00 –a çenli «Türkmenhowaýollary» agentliginiň 437-nji ýa-da 417-nji iş otaglarynda kabul ediler.

Bäsleşik ýüztutmalaryny tabşyrmagyň iň soňky güni – 2021-nji ýylyň 09-njy iýuly.

Ýokarda bellenen möhletden giç gelen bäsleşik ýüztutmalar kabul edilmeýär.

Has giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

44-31-43, 44-30-38, 44-30-73, 44-31-91.