Türkmenistanda Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy, täze ministrlikler we gulluklar döredildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy. Onuň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýlip atlandyryldy hem-de olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.

Permanda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasarynyň, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasarynyň, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasarynyň, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasarynyň bolmalydygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, degişlilikde, işini bes eden «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hukuk oruntutarlary diýlip kesgitlenildi.

Şeýle-de Permanda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:

1. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;

2. Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydygy hem-de Ministrler Kabinetine bermelidigi barada aýdylýar.

Bu Perman ýurtda ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem