Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.

Irden 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary, talyplar ýygnandylar. Giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.

Asylly däbe görä, myhmanlar «Türkmeniň ak öýi» binasynda duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär. Bu ýerde ajaýyp halylar, keçeler, gobelen önümleri, senetçileriň eserleri, heýkeller, milli lybaslardyr matalar, nepis şaý-sepler, saz gurallary, adaty türkmen durmuşyna degişli esbaplar, surat eserleri, neşir önümleri görkezildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylary döredijilik forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryny has-da artdyryp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli medeni çärä öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Gutlagda Medeniýet hepdeliginiň medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň göwünlerini galkyndyrýan, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrýan sungat baýramydygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Köpasyrlyk medeniýetimiz jemgyýetimizi jebisleşdirýän we durmuşyny baýlaşdyrýan, bu ugurda dünýä derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýan ynsanperwer ýörelgelere esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, şu gezekki Medeniýet hepdeligi “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň şygaryna bagyşlanyp hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guralýan her bir çäre artistleriň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlaryna beslenýär.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek baradaky asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary wasp edildi. Artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Konsert tamamlanandan soňra, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.
Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli “Ak bugdaý” muzeýinde dowam etdi. Alymlaryň subutnamalaryna görä, bu ýer suwarymly ekerançylygyň iň gadymy ojaklarynyň ýeridir. Muzeý 2005-nji ýylyň iýulynda açyldy. Bu ajaýyp bina özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanyp, altyn sünbülleri asmana uzaýan bugdaý dessesini ýatladýar. Türkmen topragynda biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilen, 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleriniň dowamynda tapylan bugdaý däneleri muzeýiň iň möhüm gymmatlygydyr. Bu ýerde Köpetdagyň eteklerindäki beýleki ekerançylyk ýerlerinden tapylan tapyndylar hem ýerleşdirilendir. Olar daşdan ýasalan däne üweýjiler, el degirmen daşlary, bürünç kätmen, bürünç pyçak, ýag alynýan gural, keramiki gaplaryň bölekleri we beýleki iş gurallarydyr hojalyk abzallarydyr.

Soňra muzeý hünärmenleriniň «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň muzeýleri türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde, ony geljek nesiller üçin gorap saklamakda we ruhy mirasymyzy wagyz etmekde iň iri medeni hem-de ylym-bilim merkezleridir. Olaryň işini kämilleşdirmek ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Olar asyrlaryň dowamynda toplanan çeper-intellektual gymmatlyklary, özboluşly taryhy resminamalary, seýrek tapyndylary gorap saklaýarlar we wagyz edýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu pudagyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak gerek. Türkmen halkynyň taryhy, özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi, sebitiň baý taryhynyň, medeni köpdürlüliginiň subutnamasy bolan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri-de aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen topragynda Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe, Änew, Gadymy Merw, Köneürgenç, Köne Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly özboluşly medeni-taryhy ýadygärlikleriň we gözel ýerleriň bardygy mälimdir. Olar gadymy siwilizasiýalary öwrenmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä taryhynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. Watandaşlarymyzyň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň Garaşsyz Watanymyzyň mirasyna bolan gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar.

Ýygnananlar halkymyzyň özboluşly ruhy baýlygyny gorap saklamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, muzeýleriň bu möhüm wezipedäki ornuny pugtalandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we dikeltmek, ähli sebitlerde arheologik, binagärlik ýadygärlikleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Desgalarda ylmy işler alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda muzeý işini guramagyň usulyýetini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat derejesinde-de uly ähmiýete eýe bolan maddy we ruhy gymmatlyklary öwrenmek meseleleri hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Muzeý gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, arheologik tapyndylary hasaba almak we saklamak, gadymy ýaraglary hasaba almagyň, goramagyň aýratynlyklary, muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň düzgünleri we tertibi, muzeý işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy baradaky çykyşlar diňlenildi.

Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýununyň görkezilişi boldy. Bu sahna oýnunda baş gahryman Şükür ýaragyň ýerine dutar alyp, doganyny ýesirlikden azat etmek üçin ýat ýurda gidýär. Şunda ol güýç ulanmagyň ýerine parahatçylygy saýlaýar. Ol sazyň güýjüne ynanyp, ýaryşda ýeňiji bolýar we öz doganyny azat edýär.

Dabaralar Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi. Görnükli sungat ussatlarymyzyň, bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijilik we durmuş ýoly ýaş nesillerde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza bolan söýgini döretmekde, olaryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hepdeligiň dowamynda Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň medeniýet öýleri Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüler.
2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň çykyşlaryny, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň, saz gurallarynyň sergilerini, opera we teatr eserleriniň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan düşürilen täze filmleriň görkezilişini, usulyýet çärelerini, okuw maslahatlaryny, metbugat maslahatyny, aýdym-sazly, edebi döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny guramak meýilleşdirilýär. Bu günlerde guraljak çäreler diňe bir milli medeniýetimiziň dürli ugurlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, dünýäde wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge hem ýardam berer.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem