Türkmenistanda külli yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, ýurtda Gurban baýramy üç günläp, 6-njy, 7-nji we 8-nji iýunda bellenilýär. Şeýle-de şol resminama bilen, Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna, duşenbe gününe geçirildi.
Üç günläp Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerdir obalarda aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik dabaralary çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar.