Türkmenistanyň deňiz flotuny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär

29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew ýurduň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa deňiz gämilerine edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzdaky deňiz flotuny halkara ölçegleriň esasynda ösdürmegiň hem-de gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Balkan” zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, degişli işleri dowam etdirmek boýunça tabşyryk berdi.

Çeşme: Türkmen döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem