Türkmenistan raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlady

25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem