Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ol Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň we bu guramanyň wise-prezidenti R.Bazarowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Onuň dowamynda häzirki döwürde Gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralaryň, şanly senäniň hormatyna geçirilen halkara forumynyň geçirilendigi barada hasabat berildi.

Halkara forumyna gatnaşan döwletleriň wekillerinden köp sanly teklipleriň gelip gowuşandygy barada aýdylyp, olarda bu ugur boýunça halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, türkmen wekiliýetini öz ýurtlarynda kabul etmek ýaly başlangyçlaryň öňe sürülýändigini aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Bazarow Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak we ilkinji sapary Özbegistan Respublikasyna amala aşyrmak baradaky teklibi öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz “Kyýamat güni goňşudan” diýlişi ýaly, ilkinji saparyň ýakyn goňşularymyz bolan Özbegistan Respublikasyna guralmagynyň maksadalaýyk çözgüt boljakdygyna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we lukmançylyk edaralaryna täzeçil usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Lukman Arkadagymyz gaznanyň wekilleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, Köpugurly hassahanalarda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işler we lukmançylyk edaralarynyň hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýerlerde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak üçin saparlarynyň guralmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen wezipeleri degişli derejede berjaý etmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem