Milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar

20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Okuw maslahatyna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagy, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet we hususy taraplaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar. Agentligiň ýolbaşçysy bu okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga itergi berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň we bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deňiz ulagy boýunça okuw maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Şeýle hem