Raýat awiasiýasynyň binýady berkeýär

Gadymy döwürlerden bäri ülkeleri we yklymlary bir-birine baglanyşdyran türkmen topragy «ýedi ýoluň çatrygy» hökmünde tanalypdyr. Bu günki gün Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylygynyň bähbitlerine, durnukly ösüşe laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag pudagyndaky mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär. Türkmenistan diňe Beýik Ýüpek ýoluny täze keşbinde dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara logistika merkezine, sebitdäki iň möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu maksatnamalar wajyp başlangyçlary öňe sürýän we olary ilerletmek ugrunda tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ulag syýasaty netijesinde yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ulag ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde eýeleýän işjeň ýörelgesine ygrarly bolan ýurdumyz iri düzümleýin taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyryp, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant goşýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda gurlan we gurulýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara demir ýollary, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, deňiz porty we howa menzilleri şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda howa ýollaryna wajyp orun degişlidir. Halkara uçuşlarynyň geografiýasy ýyl-ýyldan artýar. Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Deli, Jidda, Dubaý, Abu-Dabi, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Frankfurt, Milan, Stambul ýaly şäherlere yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiaparky dolulygyna täzelendi. Milli raýat awiasiýamyzyň ulag-tehniki binýady dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň howa gämileri we dikuçarlary bilen pugtalandyryldy. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa parkyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, howa parkynyň üsti «Boeing» we «Airbus» ýaly kompaniýalaryň täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýolagçy we ýük uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli howa menzilleri halkara ülňülerine laýyk derejä getirildi. Howa menzilleri ýolagçy gatnadýan we ýük daşaýan howa gämileriniň hereketini adaty däl howa şertlerinde-de howpsuz dolandyrmak, uçuşlaryň ykdysady taýdan tygşytlylygyny üpjün etmek üçin radiolokasiýa, radionawigasiýa, yşyklandyryş boýunça kämil tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyryldy. Soňky ýyllarda Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde döwrebap Halkara howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda ulag we kommunikasiýalar toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen gurluşygyna girişilen Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän täze Halkara howa menzili hem iň kämil aeronawigasiýa düzümleri we tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Sagatda 100 ýolagça niýetlenen döwrebap howa menzili ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülerine laýyk hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Halkara howa menzilinde uzynlygy 3 müň 200 metre barabar bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagyny, öwrüm ýollarynyň ikisini, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdançany, beýikligi 35 metre barabar bolan howa hereketini dolandyryş diňi ýerleşer. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyryna gadam basan täze howa menziliniň işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çalt ösmegine, söwda-ykdysady gatnaşyklary we syýahatçylygy işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň gurmak, döretmek ýol-ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowamata beslenmegi eziz Watanymyzyň kuwwatyny dünýä äşgär edýär.

Çeşme: Türkmenmetbugat


Şeýle hem