Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

7-nji dekabrda Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, ilki bilen, hemmeleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünlikli jemlenmegi hem-de Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllyk senesi bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, onuň bolsa Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady.

Umuman, taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini aýdyp, alym Arkadagymyz asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini belledi.

Indiki ýylda, nesip bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde giňden belleniljekdigini nygtap, Gahryman Arkadagymyz biziň parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýylyň döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirmegini arzuw etdi. 

Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. 

Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar diýip, lukman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz şu gün mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barylan işler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlaryň diňlenjekdigini we beýleki degişli soraglara serediljekdigini aýtdy.

Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Şu ýylyň özünde paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýatlarda saglyk maksatly birnäçe desgalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, lukman Arkadagymyz belledi. 

Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň uly işleri durmuşa geçirýändigini belläp, lukman Arkadagymyz onda saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümleriniň öndürilmeginiň bellenmäge mynasypdygyna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde aýratyn möhüm orna eýedir. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.

Mejlisiň dowamynda lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin Gaznanyň wise-Prezidenti R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow, öňi bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly seneleriniň biri bolan Halkara Bitaraplyk güni hem-de alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen gutlady. 

Täze taryhy döwürde ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda howandarlyga mätäç çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini belläp, R.Bazarow ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini nygtady. 

Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüz tutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýalaryň geçirilendigi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy we çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdi. 

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümine Germaniýa Respublikasynyň B.Braun kompaniýasynyň Dialog gemodializ enjamynyň ornaşdyrylandygyny, bu çözgüdiň çagalaryň ömür dowamlylygynyň uzalmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi barada maglumat berildi. 

Gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň dowamynda tassyklanan meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barlandygyny habar berdi. Şeýle hem ol Gaznanyň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada aýdyp, şu wagta çenli Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Palestinanyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna Gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi. BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi Gaznanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär. 

Şeýle hem R.Bazarow Gaznanyň goldaw bermegi netijesinde Täze ýyl baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni we beýleki şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar öýlerinde, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara dürli sowgatlar gowşurylýar we ol ýerlerdäki uçurymlara nout-buk kompýuterleri sowgat berilýär. Şeýle hem çagalaryň arasynda geçirilýän sungat bäsleşiklerine Gazna tarapyndan hemaýat berilýändigini bellemek ýakymly. 

Ýurdumyzda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Gahryman Arkadagymyz Gaznanyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmek hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işleri geçirmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler barada hasabat bermek üçin Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berdi.

M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesilleriň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýär. 

Ol çykyşynyň dowamynda näsag çagalara lukmançylyk kömegini bermegiň we olaryň saglyklaryny dikeltmegiň hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň beýik ynsanperwerlik ýörelgedigini aýratyn nygtady. Şunda jemgyýetimiziň we döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalaryň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklary we mümkinçilikleri giňedi.

B.Hojamberdiýewa Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, Gaznanyň Tertipnamasyna, Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnamasyna we Gaznanyň Müdiriýetiniň düzümine täzeden seredilendigini hem-de olaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Gaznanyň agzalan resminamalary Gaznanyň esaslandyryjysynyň 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1-nji karary bilen tassyklandy.Gaznanyň işiniň göwrüminiň giňelmegi bilen Tertipnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly guramaçylyk taýdan işleriň göwrümi hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama Gaznanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. 

Olar Gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti, Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti, Gaznanyň önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – Wise-Prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar Gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi.

Girizilen wezipeler bilen bagly Gaznanyň Müdiriýetiniň düzümine gaýtadan seredilip, onuň taslamasy taýýarlanyldy.

Gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular Geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde ýaşuly adamlar tarapyndan işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnamada Gaznanyň ýanyndaky Gaznanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän Ýaşulular Geňeşi hakyndaky kadalar aýratyn bapda beýan edildi.

Agzalan bapda Ýaşulular Geňeşiniň Gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen maksatlaryny guramaçylykly amala aşyrmaga ýardam berýän maslahat beriji topar bolup durýandygy, Ýaşulular Geňeşine Gaznanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýändigi hem-de onuň düzümini we ol hakynda Düzgünnamany tassyklaýandygy beýan edildi. Ýaşulular Geňeşiniň maksatlary we wezipeleri, Geňeşiň agzalarynyň hukuklary hem-de borçlary Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, olary Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda karara hem-de Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi. 

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny hem-de Müdiriýetiniň düzümini öz karary bilen tassyklaýandygyny aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky 

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany Wise-Prezident wezipeleri döredildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça Wise-Prezidenti wezipelerinden ybaratdyr.

Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz gol çekilen resminamalara laýyklykda, Müdiriýetiň agzalaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellemek baradaky soraglara geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça Wise-Prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewanyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy. 

O.Atabaýewa özüne bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallasyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-prezidente birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowyň teklip edilýändigini belläp, oňa söz berdi. 

H.Hajymyradow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gaznanyň işini sazlaşykly guramak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur işleri amala aşyrmak ugrunda tagalla etjekdigini nygtady. 

Gahryman Arkadagymyz Gaznanyň hojalyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini, onuň kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmelidigini belläp, bu babatda degişli işleri yzygiderli geçirmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarowyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy. 

A.Jepbarow münbere geçip, özüne bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda öz ukyp-başarnygyny, tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan we milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan işini giňden wagyz etmek we bu babatda «Arkadag» teleýaýlymynda hem-de «Arkadag» gazetinde, şeýle hem beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edip, halkara giňişligine çykarmak babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa söz berildi. 

Ý.Çernowa geçen döwürde gazna tarapyndan ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň näsag çagalaryna goldaw bermek boýunça geçirilen operasiýalar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwer kömegini ugratmak üçin gönükdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol häzirki döwürde Gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberleri baradaky hasabatyň çäklerinde 

2025-nji ýylda haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin meýilleşdirilen serişdeler hakynda hasabat berdi. Munuň özi Gaznanyň hemaýatyna mätäç maşgalalaryň ýüz tutmalary esasynda göz öňünde tutulan serişdeler hökmünde kesgitlenildi. 

Ý.Çernowa şanly seneler mynasybetli sowgatlyk önümleri satyn almaga hem-de näsag çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga we ynsanperwerlik kömeklerini maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleriň kesgitlenen möçberleri baradaky resminamany Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznamyza mätäç çagalara hemaýat berilmegini haýyş edip, ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, taýýarlanan degişli resminama gol çekip, degişli ýolbaşçylara ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Mejlisiň dowamynda lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň Müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa söz berdi. 

M.Öküzowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. 

Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl jemi 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň ak mekdeplerine gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenilýär.

Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan Meýilnamasy esasynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejerginiň ikinji tapgyryny aldylar.

Hasabat döwründe, dikeldiş lukmançylygynda dünýä tejribesini özleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýanyň «SANLAS Holding GmbH» kompaniýasy bilen, baglaşylan üçtaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hasabat döwründe merkeziň lukmanlarynyň we pedagoglarynyň birtopary «Çaganyň irki ösüşi we irki goşuluşma«, «Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalary idetmek boýunça tejribe alyşmak» ýaly halkara derejesindäki okuw maslahatlaryna guramaçylykly gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, olar bilen işleýän pedagog işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň möhümligi barada aýdanlaryndan ugur alnyp, «kliniki logopediýa», «kliniki psihologiýa», «kliniki surdopedagogika» ýaly inçe ugurly hünärmenleri kämilleşdirmeklige gönükdirilen teklipleriň taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen «Biz Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşikde baýrakly orunlara we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Gulbaba» adyndaky baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda Merkezde bejergi alýan çagalaryň bardygyny bellemek ýakymly.

Şeýle hem M.Öküzowa merkezde bejergi alýan we merkeziň çagalar bakja-bagyna gatnaýan çagalary ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we milli seneler mynasybetli süýjülikli sowgatlaryň yzygiderli iberilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bejergi alýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň adyndan sagbolsun aýtdy.

Merkezde sagaldyş-dikeldiş bejergisini alan çagalarda gazanylan netijeler we alnyp barylýan umumy işler barada teleýaýlymlarda, radioda goýberilýän ýörite gepleşiklerde, metbugat sahypalarynda çagalaryň ene-atalarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlary halkymyza ýetirilýär.

Merkeziň direktory şu ýylyň dowamynda toplanan tejribä esaslanyp, 

2025-nji ýyl üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli dikeldiş bejergisine mätäç çagalaryň Meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada habar berdi we ony lukman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi. 

Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, Müdiriýetiň agzalarynyň teklibi esasynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça Wise-Prezidentini goldaýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa ýüzlenip, Gaznanyň iş meýilnamasyna O.Atabaýewa bilen bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de ol geljek ýylyň geçiriljek çärelerine laýyk gelse, teklibi goldajakdygyny aýtdy.

Biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara 

mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr diýip bellemek bilen, lukman Arkadagymyz ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem-de ýetginjekleriň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygyna ünsi çekdi. 

Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär.

Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. 

Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda köp sanly çagalaryň saglygy dikeldilendigini, bu sahawatly işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýdyp, lukman Arkadagymyz amala aşyrylýan işleriň çagalarymyzyň we agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýändigini, ösüp gelýän nesillerimiz baradaky aladanyň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadygyny aýratyn nygtady. 

Amala aşyrylýan bu işler türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejesinde hem ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähribanlygyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwerlik syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

Häzirki wagtda ýurdumyz Täze 2025-nji ýyly garşylamaga giňden taýýarlyk görülýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak barada degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. 

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde medisina klasteriniň binalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde bu ýerde derman serişdeleriniň birnäçe görnüşleriniň öndürilip, saglygy goraýyş edaralaryna iberilýändigini habar berdi. 

Lukman Arkadagymyz öndürilýän dermanlyk serişdeleriň bellenen kada laýyk gelmegi we olaryň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäherde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk mynasybetli toý sowgatlaryny taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Arkadag şäheriniň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny we baýramçylyk çärelerine Gaznanyň Müdiriýetiniň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini jemläp, ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary watançylyk we ynsanperwer häsiýetlerini kemala getirmek maksady bilen alnyp barylýan döwletli işlerde hemmelere üstünlik arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem