BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama kabul edildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem