Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça düýn 5-nji dekabrda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, diplomat Oman Soltanlygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.
Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwari öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda söwda, işewürlik we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi