Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň pugtalandyrylmagynyň bu edaranyň işiniň esasy ugrudygyny belledi. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol howpsuzlygy düzgünleriniň, ýangyna garşy göreş düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, jenaýatçylyga we beýleki hukuk bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň we gyş möwsüminiň gelendigi üçin ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilmegi üçin döwrebap usullary we innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan meýilnamalar barada aýtmak bilen, Ýokary kazyýetiň başlygyna kazyýet işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ministrligiň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de bu ugurda döwrebap tejribelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy milli howpsuzlyk ministrine öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler, gözegçilik edýän düzümlerini döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny saklamakda serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ilata hukuk kömegini bermek babatda görlen çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny seljermegiň hem-de olaryň milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Edara-kärhanalarda, ilat arasynda hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri guramak, kabul edilýän kanunlaryň maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, gullugyň işini döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat barada hasabat berildi. Onda Merkezi Aziýada degişli ählumumy başlangyjyň jemi jemlenildi. Habar berlişi ýaly, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bellenildi hem-de Jemleýji resminama kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurt raýatlarynyň degişli kanunçylygyň kadalaryny berjaý etmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Gullugyň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýokary hünär derejesini we jogapkärçiligi görkezmelidiklerini nygtap, hormatly Prezidentimiz gullugyň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça goşulyşan halkara ylalaşyklarynyň borçnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.