Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

2-nji dekabrda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rus gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine garadylar.

Ministrler Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem