Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplere, şol sanda YHG-nyň giňişliginde ykdysady ösüşiň täze ýollarynyň gözlegine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Geňeşiň iş maksatnamasy tassyklandy, Sekretariatyň we YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işleri baradaky hasabatlar kabul edildi, 2025-nji ýyl üçin býujet tassyklandy we Eýranyň YHG-da başlyklygynyň netijeleri jemlendi. 2025-nji ýylda başlyklyk Gazagystan Respublikasyna geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda «YHG üçin 2025-nji ýyla çenli görüş» we «Aşgabat hereketler ylalaşygy» ýaly konseptual resminamalaryň täze hakykatlara uýgunlaşmak üçin mäkäm meýdançany döredendigini, ýakyn geljek üçin bilelikdäki işlere anyk ugurlary kesgitlemäge ýardam berendigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça garaýşy hem-de YHG-nyň ösüş strategiýasy boýunça teklipleri hödürlendi.

Hususan-da, ulag we logistika ulgamynda, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellendi. Önümçilik zynjyrlaryny döretmek; kiçi we orta telekeçilik pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýerlikliligi beýan edildi. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de döwletara gatnaşyklarynyň konstruktiw nusgalaryny döretmek boýunça YHG-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça strategiki başlangyçlary we amaly ädimleri beýan edýän Maşat kommýunikesi kabul edildi.

***

YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşygyň geçirilendigi aýratyn bellärliklidir.

YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň YHG-daky ornunyň artýandygyny belläp, ýurduň möhüm sebit we halkara derejedäki çäreleriň birnäçesini geçirendigini kanagatlanma bilen belledi. Asad Majid Han YHG-nyň täsirliligini ýokarlandyrmak baradaky teklipleri beýan etdi we Türkmenistany bu başlangyçlary goldamaga çagyrdy.

Duşuşykda sebitiň mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we ulag pudagyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar YHG-nyň maksatlaryny ilerletmek we geljek ýylda sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky umumy ygrarlylygyny tassykladylar.

Mundan başga-da, 2-nji dekabrda Maşat şäherinde Ministrleriniň Geňeşiniň (YHG DIMG) 28-nji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uly wezipeli işgärleriniň duşuşygy geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem