Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan şu ýylyň 29-njy maýynda Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» formatynyň üçünji Ministrler maslahatynyň çäklerinde ylalaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar resminamanyň ýurtlaryň arasyndaky energetika, ulag, oba we suw hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine aljakdygyny bellediler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem