Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça düýn Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropulunyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy diplomaty Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň, iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem täze ilçä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan düýpli özgertmeler barada maglumat berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalaryň ählisi hut şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Munuň özi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda uly ähmiýete eýedir.

Türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Mejlisiň demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak babatda alyp barýan köpugurly işi ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, munuň özi döwletara dialogyň ähli esasy ugurlarda işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berer.

Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorari mähirli kabul edilendigi hem-de netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen işleri dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem