“Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi

Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de olaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde zerur çäreler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edýär.

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ylmy-barlag edaralary tarapyndan ekinleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän hem-de gurakçylyga durnukly, ýokary hasyl berýän täze tohumlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Yzygiderli ylmy barlaglaryň geçirilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň tagallalary esasynda ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär. Munuň özi ekologik taýdan deňagramlylygy saklamakda, üýtgeýän şertlere uýgunlaşmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Soňra foruma gatnaşyjy myhmanlara söz berildi. Ilki bilen, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Wiorel Gusu çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamlarynyň öňünde biodürlüligi saklamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy ýaly wajyp wezipeler durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi azyk önümleriniň hiliniň gowulandyrylmagyny we möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär. FAO öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan sanly oba hojalygy babatda döwrebap çözgütleri ilerledýär. Bu bolsa ekinleriň we topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge, çykdajylary azaltmaga, hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Maslahatyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) Baş direktory Rafael Grossi sanly ulgam arkaly çykyş edip, şu günki möhüm çärä gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy. Bu agentligiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleri barada bellenildi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy bilen howanyň üýtgemegi özara baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgeýän şertleri pudaga öz täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi bilen baglylykda, oba hojalyk hem-de senagat önümçiliginiň ýokarlanmagy parnik gazlarynyň artmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyny howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşdyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Munuň özi bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, onuň howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy boýunça durmuşa geçirýän sebit we milli taslamalaryna yzygiderli gatnaşýandygy bellenildi. Şeýle-de çykyşlarda howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň köptaraply häsiýete eýedigi aýdylyp, şunda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetine üns çekildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda resminama gol çekildi. Halkara maslahata gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetini belläp, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maslahat “Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny we azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeler”, “Durnukly azyk we oba hojalyk ulgamlary üçin howa maliýeleşdirilişini işjeňleşdirmek”, “Tagallalary hereketlere öwürmek: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky umumy tejribeler hem-de geljekki ädimler” atly bölümçeler boýunça öz işini dowam etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem