27-nji noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparynyň daşary ýurt agza ýurtlary, halkara we sebit guramalary, hususan-da BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary, Topara agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ulag pudagynyň bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen, BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri hanym Gwi-Ýeop Son, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D. Marýasin, şeýle hem BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Lin Ýan çykyş etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar dünýä derejesinde ulag ulgamlarynyň durnukly ösüşi babatynda täze täsirli çözgütleriň işlenip düzülmegini goşmak bilen, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini has hem kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Durnukly ulagyň dostlary toparyna goşulmak islegini mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine hem garaldy. Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014, 2015, 2017, 2021 we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarynda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar dünýä we sebit derejesinde durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we BMG-niň 2026–2035-nji ýyllaryň «Durnukly ulagyň onýyllygyna» taýýarlyk görmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Gatnaşyjylar Toparyň işini has-da kämilleşdirmegiň hem-de ulag we logistika pudagynda ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin tagallalary birleşdirmegiň, şol sanda sebit we ählumumy päsgelçilikleri azaltmagyň ýollaryny, şeýle hem BMG-na agza ýurtlaryň ulag ösüşi babatdaky başlangyçlaryny öňe sürmegiň zerurdygyny bellediler. Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama kabul edildi.